Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany aladalary inkär etdi


Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeýr.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeýr.

Saud Arabystany özüniň Eýran bilen bolan gantaşyklaryny kesmeginiň Siriýada parahatçylyk ugrundaky barýan gepleşiklere we tagallalara zyýan ýetirer diýip edilýän aladalary ret etdi.

4-nji ýanwarda Siriýanyň güýçli oppozision topary ähli arap ýurtlaryny, Saud Arabystanynyň göreldesine eýerip, Eýran bilen diplomatik gantaşyklary kesmäge çagyrdy. Bu aralykda Saud Arabystanynyň üç ýarany - Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri we Sudan Tähran bilen bolan gatnaşyklaryny kesmek ýa-da çäklendirmek boýunça çäreleri gördüler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Moon, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Britaniýa Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky agzalalyk siriýa konfliktiniň astynda ýatan mezhep bölünişigini güýçlendirer diýip, 4-nji ýanwarda öz aladalaryny beýan etdiler.

Şaýy yslamçy ruhanylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini goldaýar. Saud Arabystanynyň sünni monarhlary bolsa hökümete garşy söweşýän dürli toparlara kömek berýär.

Iki regional güýç bilen olaryň ýaranlary, Birleşen Ştatlar we Orsýet, şeýle hem dünýäniň beýleki güýçli döwletleri bilen birlikde Siriýada parahatçylyk prosesini ýola goýmaga synanyşýarlar.

Saud Arabystanynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Abdullah al-Muallimi 4-nji ýanwarda şeýle diýdi: "Biz tarapdan munuň hiç bir täsiri ýok. Sebäbi biz Siriýada we Ýemenda parahatçylyk ugrundaky tagallalary goldamakda berk iş alyp barmagy dowam etdireris".

Al-Muallimi Saud Arabystany "Siriýa gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryna gatnaşar. Biz Eýran sebäpli ony boýkot etmekçi däl" diýýär. Ol: "Eýranlylar diplomatik gatnaşyklar kesilmezden öň-de parahatçylyk baradaky tagallalara kömekçi däldiler, oňa oňaýly garanokdylar" diýip nygtaýar.

"Olar prowokasion hem oňaýsyz tutumy tutup geldiler. Men gatnaşyklaryň kesilmegi olaryň bu gylyk-häsiýetini üýtgeder öýdemok" diýip, al-Muallimi agzalýan ugurdan öz ýurdunyň pozisiýasyny anyk beýan edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura, konfliktiň 25-nji ýanwara planlaşdyrylan gepleşiklere zyýan ýetirmezligi üçin, häzir Tährana hem Er-Riýada töwella edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Moonyň metbugat wekili Stefan Dujarrigiň bildirmegine görä, Ban Ki-Moon hem Saud Arabystanynyň hem-de Eýranyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly gürleşip, olary ýagdaýy ýaramazlaşdyrmagy mümkin her bir işden saklanmaga çagyrdy.

Dujarrik "Er-Riýad bilen Tahranyň arasyndaky gatnaşyklaryň kesilmeginiň sebit üçin örän çynlakaý netijeleri bolup biler" diýip belleýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 4-nji ýanwarda bir beýannama çykaryp, iki tarapy "gepleşikleriň yzyny üzmän, dartgynlylyklary gowşatmak üçin gerekli çäreleri görmäge" çagyrdy. Beýannamada eýranly protestçileriň 2-nji ýanwarda Tähranda Saud Arabystanynyň ilçihanasyna zabt edip, oňa ot bermegi ýazgarylýar.

Ýöne Ban Ki-Moon ýaňy hepdäniň soňunda Saud Arabystanynda 47 adama, şol sanda bir tanymal şaýy ruhanysyna-da ölüm jezasynyň berilmegi bilen bagly meselede Eýranyň tarapyny çalyp, bu işiň özüni lapykeç edendigini aýtdy. Saud Arabystanynyň BMG-däki wekiliýeti hem ara salym salman, ölüm jezasy berlenler "jenaýatkärler" diýip, muňa jogap berdi.

Şaýy ruhanysy Nimr al-Nimr saudy häkimiýetleriniň gaýduwsyz tankytçysydy. Ol mezhepara agzalalygy döretmekde we hökümdara boýun egmezlikde günälenip, 2014-nji ýylda ölüme höküm edildi.

XS
SM
MD
LG