Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan taryhy minarany ýumurmagy goýbolsun etdi


Özbegistanyň häkimiýetleri ýurduň gündogarynda ýerleşýän Andijon şäherindäki taryhy minarany ýumrup, onuň deregine suw çüwdürimlerini gurmak baradaky dawaly plany goýbolsun etdiler.

Ýerli özbek resmisi bu baradaky kararyň taryhy sebite baryp gören ýörite hökümet komissiýasy tarapyndan kabul edilendigini aýtdy, diýip Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy 6-njy ýanwarda habar berdi.

“[Merkezi hökümetiň] komissiýasy [minarany] ýumurmak planlaryna garşy şikaýat eden ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşdy... Ýaşaýjylar öz garaýyşlaryny beýan etdiler we komissiýa minaranyň sökülmegini goýbolsun etdi” diýip, Andijon welaýat hökümetiniň ýokary derejeli resmisi Abdussafi Rahmonow aýtdy.

Andijonyň merkezindäki taryhy kompleksiň bir bölegi bolan bu minara XIII asyryň ikinji ýarymynda gurlupdy. Ol “Musalla” ady bilen hem tanalýar.

XS
SM
MD
LG