Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: 1,1 million migrant geldi


Germaniýa geçen ýylyň dowamynda ýurtda 1,1 million adamyň gaçybatalga sorap, hasaba alnandygyny aýdýar. Bu görkezijiniň tas 40%-ni siriýalylar emele getirýär.

Germaniýanyň Içeri işler ministrliginiň 6-njy ýanwarda beren maglumatyna görä, 2015-nji ýylyň ýanwar we dekabr aýlary aralygynda 1,091,894 adam hasaba alnypdyr.

Germaniýadan gaçybatalga soraýanlaryň iň uly bölegini siriýalylar emele getirip, olaryň sany 428,468 adama deňdir.

Geçen ýyl Germaniýadan gaçybatalga soran adamlaryň sany 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende bäş esse çemesi ýokarlandy.

Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlaryna garanda, bileleşigiň iň güýçli ykdysadyýetine eýe bolan Germaniýa has köp migrant we bosgun geldi.

XS
SM
MD
LG