Sepleriň elýeterliligi

'YD-yň' territoriýalary 30% azaldy


“Yslam döwleti” atly toparyň Yrakda we Siriýada kontrollyk edýän territoriýalarynyň möçberi geçen ýylyň dowamynda öňküsinden üç esse diýen ýaly azaldy. Bu barada “Yslam döwleti” atly topara garşy söweşýän Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa habar berýär.

“Yslam döwleti” atly topar Yrakdaky territoriýalarynyň 40%-niň we Siriýadaky territoriýalarynyň 20-niň kontrollygyny ýitirdi diýip, 5-nji ýanwarda Yragyň paýtagty Bagdadda gürrüňi edilýän koalisiýanyň metbugat wekili Kolonel Stew Warren (Colonel Steve Warren) belledi.

Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň kömegi bilen Kürt güýçleri “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerini Sinjar sebitinden we Yragyň demirgazygyndaky käbir beýleki territoriýalaryndan, şeýle-de Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän käbir sebitlerden gysyp çykardy.

XS
SM
MD
LG