Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Bir amerikan harbysy öldi


Birleşen Ştatlaryň harbylary Owganystanyň gündogarynda bir amerikan harbysynyň öldürilendigini we başga-da iki sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

“Helmand welaýatynyň Marja şäheriniň golaýynda geçirilen operasiýalar döwründe ýaralanan amerikan harbysy şu gün aradan çykdy” diýip, 5-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby güýçleriniň metbugat wekili aýtdy.

Resmiler Birleşen Ştatlaryň mediasyna beren maglumatynda amerikan güýçlerine ýörite missiýanyň dowamynda hüjüm edilendigini mälim etdiler. Birleşen Ştatlaryň goranmak resmisi bu wakada başga-da birnäçe owgan harbysynyň ýaralanandygyny belledi.

Uzak ýyllaryň dowamynda “Talybanyň” esasy galalarynyň biri bolan Helmandda soňky hepdeleriň dowamynda güýçli çaknyşyklar boldy.

XS
SM
MD
LG