Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetdäki ulaglara çykalga hödürlendi


Türkmenistanyň we Gazagystanyň özara serhedindäki "Temir Baba" serhet geçelgesi
Türkmenistanyň we Gazagystanyň özara serhedindäki "Temir Baba" serhet geçelgesi

Gazagystanyň häkimiýetleri türkmen-gazak serhedinde ulaglaryny galdyrmaga mejbur bolan türkmenistanlylara kömek bermäge taýýar diýip, Gazagystanyň metbugaty habar berýär.

“Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky neýtral zonada galýan 170 çemesi awtoulag türkmen raýatlaryna degişli. Eger olar Gazagystanyň gümrük edaralaryna ýüz tutsalar, biz olara tranzit režimini düzgünleşdirmäge we awtoulaglary Orsýete gaýtarmak üçin kömek bermäge taýýar, awtoulaglaryň eýeleri öz ulaglaryny soň ol ýerde satuwa çykaryp bilerler” diýip, ”Today.kz” neşiri Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük gözegçiligi boýunça departamentiniň geçiş nokatlarynyň işine gözegçilik edýän edarasynyň ýolbaşçysy Kaýrat Maubaýewiň sözünden sitata getirýär.

“Temir-Baba” geçelgesinde

Türkmenistanyň we Gazagystanyň umumy serhedindäki “Temir-Baba” barlag-geçiş nokadynda türkmenistanlylara degişli awtoulaglaryň geçen ýylyň başlarynda toplanyp başlandygyny syýahatçylar we gümrük işgärleri aýdýarlar. Agzalan awtoulaglaryň köpüsiniň Orsýetde öndürilýän “Lada” maşynlary bolup, olaryň häzir “talanan” ýagdaýdadygy aýdylýar.

Barlag-geçiş nokadynyň Azatlyk Radiosy bilen öz adyny aýtman söhbetdeş bolan işgäri türkmenistanlylara degişli ulaglaryň gazak serhedinden geçirilip, türkmen tarapy olary geçirmekden ýüz öwrensoň, ortada galandygyny gürrüň berdi.

“Olar bir ýyla golaý wagt bäri bu ýerde, eýýäm talanan. Ulaglar neýtral zonada türkmen serhediniň golaýynda galýarlar. Türkmen tarapy, ýazmaça görkezme bolmasa-da, awtoulaglaryň “Ýewro-4” standarta gabat gelmeýändigini, howpsuzlyk ýassygynyň ýokdugyny aýdyp, ýurda geçirmändi. Şol ulaglary bizem indi geçirip bilmeýäris. Sebäbi bizde hem täze talaplardan ybarat kanun kabul edildi. Şeýdip ulag eýeleri [öz ulaglaryny] yzyna hem gaýtaryp bilmediler”.

Täze düzgün

Türkmenistanyň, hususan-da, howpsuzlyk ýassygy bolmadyk awtoulaglary ýurda goýbermezlik düzgünini öz içine alýan kanunynyň 1-nji aprelde güýje girjekdigi mälim edilipdi.

Habar berlişine görä, geçen ýylda bu ýere öz awtoulaglaryny getiren türkmenistanlylar özleriniň serhetden geçirilmejegini diňe barlag-geçiş nokadyna baranlaryndan soň bilip galypdyrlar we bu ýagdaý kanun entek öz güýjüne girmänkä ýüze çykypdyr.

“Sürüjiler Orsýetdekä Türkmenistan [agzalýan] kanuny kabul etdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň territoriýasyna alnyp barylýan awtoulaglarda hökman howpsuzlyk ýassyklary bolmaly. Kanunyň 2015-nji ýylyň aprel aýynda güýje girmelidigine garamazdan, türkmen awtoulagçylary eýýäm martyň aýagynda neýtral zonada gabawda galdylar. Sebäbi, mälim bolşy ýaly, WAZ awtoulaglarynda howpsuzlyk ýassyklary ýok” diýip, Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük gözegçiligi boýunça departamentiniň resmisi Kaýrat Maubaýewiň sözlerinden sitata getirilýär.

2015-nji ýylyň maý aýynda Gazagystan hem ýurda getirilýän we ulanylýan awtoulaglara degişli täze talaplary girizdi. Gazagystanyň täze düzgünlerinde-de awtoulaglarda howpsuzlyk ýassyklarynyň bolmagy talap edilýär.

XS
SM
MD
LG