Sepleriň elýeterliligi

‘Dollar aljaklar bir gün öňünden nobata durýar’


Aşgabatda dollar satyn almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.

Aşgabatda dollar satyn almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.

Aşgabadyň käbir walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollar nobatlarynyň öňküsinden köpelendigi habar berilýär. Ýatladyp geçsek, Aşgabatda resmiler 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap dollar aljak ýaşaýjylara ýörite talon paýlamak düzgünini girizipdi.

Emma bu düzgüne garamazdan, häzirki wagtda dollar nobatlarynyň köpelendigi we dollar satyn aljak ýaşaýjylaryň indi bir gün öňünden nobata durýandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG