Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: Partlamada onlarça adam öldi


Liwiýanyň Zliten şäherinde 7-nji ýanwarda polisiýanyň türgenleşik merkezinde bolan bomba partlamasy zerarly azyndan 21 adam wepat boldy.

Şol bir wagtda-da şäheriň häkimi Miftah Lahmadi wepat bolanlaryň sanynyň 40-dan ýokarydygyny aýtdy, diýip ýerli media habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligi dessine öz boýnuna alan bolmady. Emma partlamanyň “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň tarapdarlarynyň amala aşyrandygy çak edilýär.

Liwiýada 2011-nji ýylda diktator Muammar Kaddafiniň agdarylmagyndan soň durnuksyzlyk dowam edýär.

Geçen aýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi BMG-niň araçylygynda Liwiýanyň öz arasynda söweşýän toparlarynyň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere goldaw berdi.

XS
SM
MD
LG