Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jizzak: Ermeni işewüri sud edilýär


Aramais Awakian çagasy bilen
Aramais Awakian çagasy bilen

Özbegistanyň sudy “konstitusiýa garşy hereketleri” amala aşyrmak üçin dildüwşükde, şeýle-de “Yslam döwleti” ekstremist toparyna simpatiýa bildirmekdeaýyplanýan etnik ermeniniň işine seredip başlady.

Jizzak şäherinde Aramais Awakianyň suduň geçýän jaýyna žurnalistleriň barmagyna rugsat berilmedi, diýip 7-nji ýanwarda AÝ/AR-nyň Özbek gullugy habar berdi.

Aramais Awakian Özbegistanyň Milli Howpsuzlyk Gullugynyň Jizzakdaky ýerli bölüminde 4-nji sentýabrdan bäri saklanýar.

Awakianyň aýaly Şirin Tursunowa hristian dinine uýýan adamsyna ýöňkelýän aýyplamalary esassyz diýip atlandyrdy.

Awakian köl gurup, balyk öndürmek bilen meşgullanýardy. Ol onlarça müň tonna önümi satuwa çykarýardy. Onuň maşgalasy ýerli etrap häkiminiň girdejili önümçiligi öz eline almak üçin Awakiany türmä salmak barada haýbat atandygyny aýdýar. Häkim bu aýyplamalary köpçüligiň öňünde ret etdi.

XS
SM
MD
LG