Sepleriň elýeterliligi

1901-njy ýyldaky bestseller kitabyň temasy: Monopolistler


Frank Norrisiň 1901-nji ýylda çapdan çykan "Kaliforniýa hekaýaty" atly kitaby.

Frank Norrisiň 1901-nji ýylda çapdan çykan "Kaliforniýa hekaýaty" atly kitaby.

1901-njy ýylyň edebiýat taryhynda görnükli yz galdyran we bestseller, ýagny iň köp satylan kitabyň awtory Frank Norrisdir we ol "Kaliforniýa hekaýaty" (Asyl ady: “The Octopus: A Story of California”) atly romandyr.

Kitabyň temasy Kaliforniýanyň ekerançylary bilen demirýol gurujy firmanyň arasyndaky dawadan söz açýar.

Romanyň temasy ABŞ-da 1860-njy ýyllarda Kaliforniýa bilen Utah ştatyny birleşdirýän demirýoluň (Merkezi Ýuwaş okean demirýol liniýasy) gurulýan wagty ýüze çykan hadysalara, 7 adamyň pida bolmagyna getiren ganly ”Mussel Slough pajygasyna” (1880) esaslanýar.

Frank Norris (1870-1902).

Frank Norris (1870-1902).

Bu kitapda ýerli ýaşaýjylar bilen demirýolçularyň arasynda ekerançylyk meýdanlaryndan geçiriljek demirýol sebäpli ýüze çykan dawany demirýol monopoliýasynyň käbir güýçli hem barly adamlarynyň öz bähbitlerine ulanyşy beýan edilýär.

Kitabyň asyl adyndaky "Octopus" (deňiz mollýuskasynyň bir görnüşi – Red.) sözi, ýagny sekizaýakly deňiz jandarynyň ady, daýhanlaryň garşysyna guramaçylykly pirim ulanan demirýol monopoliýasyny suratlandyrmak üçin ulanylypdyr.

Roman Presli (Presleý) atly bir şahyr bilen başlap, şonuň bilen hem tamamlanýar. Ol şahyr ýurda tigirli aýlanyp, özüne gyzykly bir tema gözleýär. Mülkdarlar bilen demirýol firmasynyň arasyndaky dawa-jenjel hem şeýlelikde hut onuň galamyndan beýan edilýär.

Kitabyň ekerançylara wekilçilik edýän esasy gahrymany Magnus Derrick - köneçil adam. Ol fermer "taryha, ýagny köne adalgalara gowy çemeleşmeýän nesle" garşy çykýar we hemişe mülkdarlar ligasyna wekil bolup çykyş edýär.

Harran Derrick - Magnusyň ogly. Ol kakasynyň ferma işlerine kömek edýär. Harran kakasyny fermerleriň hukuklaryny goraýan Ligany döretmäge yrýar.

Lyman Derrick - Magnusyň beýleki ogly. Ol San-Fransiskada hukuk işgäri bolup işleýär. Ol demirýol firmasyna garşy adamlaryň hak-hukuklaryny goramak barasynda iş alyp barýar.

Bulardan başga-da köpsanly gahrymanlary bolan we diýseň gyzykly bu kitap 1901-nji ýyldan soňra-da ençeme gezek gaýtadan çap edilipdir.

XS
SM
MD
LG