Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý öz milli puluny gowşatdy


Hytaýyň Maliýe bazary (biržasy), Nanjing, Jiangsu regiony, 7-nji ýanwar, 2016
Hytaýyň Maliýe bazary (biržasy), Nanjing, Jiangsu regiony, 7-nji ýanwar, 2016

Hytaý milli puly ýuanynyň hümmetini 7-nji ýanwarda ýene peseltdi. Bu ýagdaý walýutalaryň we maliýe bazarlaryň çaýkanmagyna, maýa goýujylaryň bolsa Aziýanyň täsirli ykdysdyýetiniň söwda urşuna başlamagy barada howatyrlanmagyna getirdi.

Hytaýyň maliýe bazaryndaky söwda, 7-nji ýanwarda ýarym sagatdan az wagtyň dowamynda maliýe görkezijileriň 7%-den aşmagynyň yzýany şu hepdede ikinji gezek togtadyldy.

Hytaýyň Halk banky ýuanyň dollar babatyndaky gatnaşyk görkezijisini 6.56 ýarym derejesine pesldip, maliýe bazarlaryny geň galdyrdy. Bu 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri iň pes görkezijidir.

Häzir ýuan geçen ýylyň awgust aýyndan bäri bir günüň dowamynda iň uly ýitgi çekdi. Bu ýagdaýyň regiona täsiri dessine duýuldy. Awstraliýanyň dollary ABŞ-nyň dollary babatynda ýarym sent möçberde arzanlady.

XS
SM
MD
LG