Sepleriň elýeterliligi

Fransuz polisiýasy hüjümçini öldürdi


Fransiýanyň polisiýasy Parižde gözegçilik edýär

Fransiýanyň polisiýasy Parižde gözegçilik edýär

Fransiýanyň resmileri polisiýanyň 7-nji ýanwarda Parižiň demirgazyk böleginde polisiýa bölümine girmäge synanyşan eli pyçakly adamy atyp öldürendigini aýtdylar.

Bu adam polisiýa bölüminde peýda bolanda “Allahu Akbar" diýip gygyrdy, onuň egninde janyndan geçen hüjümçiniň keltekçesi bardy, diýip Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Pierre-Henri Brandet Fransiýanyň mediasyna aýtdy.

Polisiýa bu wadan soň köp milletli etrapçanyň gabalandygyny aýtdy.

Bu hadysa yslamçy söweşijileriň “Charlie Hebdo” satirik žurnalyna geçen ýylda eden hüjüminiň ýyl dönüminde bolup geçdi.

XS
SM
MD
LG