Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ Ukrainanyň energiýa sistemasyna hüjümi derňeýär


ABŞ-nyň howpsuzlyk agentlikleri Ukrainanyň energiýa sistemasyna edilen kiber hüjümde orsýetli hakerleriň eliniň bolup-bozmazlygyny derňeýärler, diýip ABŞ-nyň habar serişdeleri 6-njy ýanwarda mälim etdiler.

Merkezi Aňtaw Agentliginiň we Içeri howpsuzlyk departamentniň kompýuter howpsuzlygy boýunça bilermenleri Ukrainanyň energiýa kompaniýasynyň kompýuter sistemasynda tapylan zyýanly programmalary barlaýarlar.

Ukraina 23-nji dekabrda öz energiýa sistemasyna “girilmegini” netijesinde ýurduň uly böleginiň elektrik energiýasyz galandygyny aýdypdy, diýip “Daily Beast” we “Washington Examiner” neşirleri habar berýärler.

Ukrainadaky hüjümiň ABŞ üçin hem ýaramaz habar bolmagy mümkin, sebäbi Ukrainanyň “Prykarpattyaoblenergo” kompaniýasynyň elektron sistemasynda tapylan “BlackEnergy” atly programmasy ABŞ-nyň energo kompaniýalaryna 2014-nji ýylda edilen kiber hüjümlerde ulanylypdy.

Ukrainanyň resmileri energiýa sistemasyndaky näsazlyklarda açyk Orsýeti aýyplapdy, emma orsýetiň gatnaşygy tassyklanmandy.

XS
SM
MD
LG