Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus patriarhy Siriýadaky hüjümleri goldady


Orsýetiň baş prawoslaw ruhanysy Patriarh Kirill Prawoslaw Roždestwo baýramçylygy mynasybetli dini ybadatynda, Moskwa, 7-nji ýanwar, 2016.
Orsýetiň baş prawoslaw ruhanysy Patriarh Kirill Prawoslaw Roždestwo baýramçylygy mynasybetli dini ybadatynda, Moskwa, 7-nji ýanwar, 2016.

Orsýetiň baş prawoslaw ruhanysy Patriarh Kirill Moskwanyň Siriýada amala aşyrýan howa hüjümlerini goldady we bu hereketleri “goranyş çäresi” diýip atlandyrdy.

Prawoslaw Roždestwo baýramçylygynyň bellenýän güni 7-nji ýanwarda beren interwýusynda Patriarh Kirill Orsýetiň Siriýada amala aşyrýan harby zarbalaryna goldaw bildirmek bilen şeýle hüjümleriň Orsýeti “terrorçylykdan” goramak üçin zerurdygyny aýtdy.

Moskwa Siriýada howadan amala aşyrýan zarbalaryny Orsýetiň ýarany prezident Başar al-Assada goldaw bermek üçin geçen ýylyň sentýabr aýynda başlady.

Orsýetiň Siriýadaky howa zarbalary Günbatar we Assadyň garşydaşlary tarapyndan ýazgarylýar.

XS
SM
MD
LG