Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir bölejik ýer


Kitap.
Kitap.

Bir bölejik ýer uly dünýäden bölünip otyr. Ol dürli döwürlerde elden-ele geçip gelipdir. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, bu ýeriň üstündäki göreş üznüksiz dowam edipdir.

Kiçi dag

Taryh dowamynda onuň dürlüçe atlandyrylyşy bolupdyr. Soňky bir müň üç ýylda ol Gibraltar adyny göterýär.

Gibraltar diýlende, ony görmedikler bogaz diýip düşünýärler. Baryp görenler munuň dagyň adydygyny bilýärler. Akademik Soltanşa Atanyýazowyň ýer atlary baradaky sözlüginde, Gibraltar barada şeýle diýlipdir. «Bu at araplaryň Jebel-el-Tarik (Tarikiň dahy) sözleriniň üýtgän görnüşidir.»

Ýeri gelende, bizde-de Jebel adynyň bardygyny ýatlamak gerek. Uly Balkanyň bir bölegine Jebelata, soňy bilen diňe Jebel diýlipdir. Alym S. Atanyýazow ol adyň hem arapça dag sözünden emele gelendigini aýdýar. Uly Balkanyň bir böleginiň ady soňlugy bilen ol ýerdäki obaçylyga hem demir ýol duralgasyna-da geçipdir.

Gibraltar babatynda-da ýagdaý şeýle bolupdyr. Älemiň örän uly iki gury ýer böleginiň arasyny kesip duran bogazyň depesinde ýerleşýän ol dagy 711-nji ýylda arap serkerdesi Tarik ibn Ziýad eýeläpdir. Şondan soňra bu dag onuň ady bilen tanalýar. Soňra ol at şol ýere bilen bogaza-da berlipdir.

Täsin bogaza abanyp duran belentlik hiç bir daga meňzemän, hiç bir daga goşulman, aýratyn otyr.

Onuň üstünde mydama bulut bar. Dagy örtüp duran jeňňelde bolsa maýmynlar ýaşaýar.

Bogaz

Kiçijik bir bölek dagyň güneşinde ýyly suwly Ýerorta deňzi ýaýylyp ýatyr. Dagyň ykyşynda Atlantik ummany güwleýär. Aralykda iki uly suwy birleşdirýän bogaz çyrpynýar.

Bogazyň her ýüzünde Ýeriň bir ägirt bölegi beýleki bölegine bakyp dur.

Alymlaryň aýtmagyna görä, bogazda iki gatly suw bolup, güýçli akym iki ýana hereket edýärmiş. Aşakdan sowuk suw Ýerorta deňzine akýan bolsa, ýokardan ýyly suw okeana guýulýarmyş.

Ýollar

Bu ýere ýetmek üçin üç usul, ýagny üç ýol bar. Iň soňky – üçünji ýol, elbetde, howadan inýär. Ikinji ýol deňizden hem okeandan barýar. Birinji ýol gury ýeriň üstünden bolup, ol Ispaniýanyň içinden geçip gaýdýar.

Bu topraga ulagly ýa-da pyýada barmak mümkin. Ýöne aşa kyn. Onuň üçin birnäçe barlagdan geçmeli. Ýöne ol ýol geçeniňe hem göreniňe degýär.

Bir bölejik kiçijik ýer göze şeýle ýakymly. Bu, megerem, Ýaradanyň Adamzada bagyş eden örän täsin hem gymmatly peşgeşi bolsa gerek. Şonuň üçin bu ýer mydama adamly, aşa gelim-gidimli.

Kiçijik ýeriň myhmany ummasyz köp. Göwnüňe bolmasa, her günde daşardan gelýänler, bu ýerde ýaşaýanlarça bardyr.

Şahyryň sözi

Bu topragy synlanyňda, Magtymgulynyň bir bent goşgusy ýadyňa düşýär:

Üç essesi däli derýa,

Bir esse ýerde müň gowga,

Kim biler ki köne dünýä,

Ýa, Reb, niçe ýaşyndadyr.

Akyldar muny tutuş ýer ýüzüni nazarda tutup aýdypdyr diýýärler. Belki, şeýledir. Üç bölegi suw bolan älemiň bir bölek gury ýerinde, müň gowga barýandygyny Magtymguludan başga kim aýdyp biler.

Eger Gibraltara aýak bassaňyz, bu setirleriň hut şu ýere degişlidigine-de göz ýetirersiňiz.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG