Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýa: Pariž hüjümi bilen ilteşikli ‘deliller tapyldy’


Brahim Abdeslam (sagda).
Brahim Abdeslam (sagda).

Belgiýanyň häkimiýetleriniň berýän maglumatyna görä, ýurduň polisiýasy Brýusseldäki kwartirada Pariždäki hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän gaçgaklykdaky Salah Abdeslamyň barmak yzlaryny, janyndan geçeniň hüjüminde ulanylýan bolmagy ähtimal üç sany keltekçäni we partladyjy serişdeleriň galyndylarynyň alamatlaryny tapdy.

Belgiýanyň Federal prokuratura edarasynyň 8-nji ýanwarda ýaýradan beýanatyna görä, polisiýa 10-njy dekabrda Şaerbik (Schaerbeek) etrapçasyndaky kwartirada gözleg işlerini geçiripdir.

Abdeslam 13-nji noýabrda fransuz paýtagtynda amala aşyrylan we 130 adamyň ölümine sebäp bolan hüjüm bilen ilteşigi bolmakda gözlenýär.

Pariždäki hüjümçileriň arasynda üç sany janyndan geçen bombaçy, şol sanda Abdeslamyň dogany Brahim bar.

XS
SM
MD
LG