Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň şagyzy aradan çykdy


Eýranyň şagyzy Aşraf Pahlawi 96 ýaşynda aradan çykdy. Ol Eýranyň soňky şasynyň gyz ekiztaýydy.

Onuň aradan çykandygy baradaky maglumat şanyň ogly Reza Pahlawi tarapyndan 7-nji ýanwarda Facebook sosial ulgamynda mälim edildi.

“New York Times” neşiriniň şagyzynyň maslahatçysy Robert F.Armao salgylanyp berýän maglumatyna görä, Aşraf Pahlawiniň aradan çykmagyna onuň “gartaşan ýaşy” sebäp bolupdyr.

Şagyzy we onuň gyz dogany Şams Eýranyň konserwatiw jemgyýetindäki däp bolan normalary böwsüp geçip, ýurtda başy açyk köpçülige çykan ilkinji zenanlaryň arasyndadyr.

XS
SM
MD
LG