Sepleriň elýeterliligi

Finlandiýa rus raýatyny ABŞ-a ekstradisiýa edýär


Finlandiýa kompýuter galplygynda şübhelenilýän orsýetli raýaty Birleşen Ştatlara esktradisiýa edýär.

Finlandiýanyň Adalat ministriniň 8-nji ýanwarda ýaýradan beýanatyna görä, Maksim Senah “sud edilmek üçin Birleşen Ştatlara” ekstradisiýa ediler.

Finlandiýa Senahy Birleşen Ştatlaryň federal resmileriniň haýyşy esasynda geçen ýylyň awgust aýynda tussag edipdi. Orsýet bu çäräni bikanun diýip atlandyrypdy.

Senah Minnesota döwleti tarapyndan, tutuş dünýäniň çägindäki kompýuter hyzmatlaryna zyýanly programma bilen aralaşyp, millionlarça dollary ogurlamaga synanyşmakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG