Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa G.Koreýa çagyryş etdi


Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammond (Philip Hammond) Günorta Koreýany özüniň Demirgazyk Koreýa bilen serhediniň golaýynda propagandistik gepleşikleri efire bermekden saklanmaga çagyrdy.

Hammondyň bu çykyşy, Günorta Koreýanyň metbugaty 8-nji ýanwarda Seulyň Kim Jong Unyň awtoritar režimini we onuň adam hukuklarynyň bozulmalaryny tankyt edýän örän duýgur gepleşikleri gaýtadan dikeldendigini mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Gürrüňi edilýän gepleşikler, iki goňşy koreý ýurdunyň arasyndaky dartgynlylygy gowşatmak maksady bilen gelnen ylalaşygyň bir bölegi hökmünde geçen ýylyň awgust aýynda ýatyrylypdy.

Pýongýang tarapyndan uruş hereketi diýlip häsiýetlendirilýän gepleşikler, Demirgazyk Koreýa özüniň wodorod bombasyny synagdan geçirendigini mälim edenden soň dikeldildi.

XS
SM
MD
LG