Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Respublikanlar Eýran ylalaşygynyny jylawlajak bolýar


Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ed Royce Eýran ýadro ylalaşygyny berjaý etjegine ynanyp bolmajagyny görkezdi diýdi.
Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ed Royce Eýran ýadro ylalaşygyny berjaý etjegine ynanyp bolmajagyny görkezdi diýdi.

Respublikanlaryň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan edilmeli gözegçiligi güýçlendirmek baradaky kanun taslamasy 7-nji ýanwarda esasy komitetiň barlagyndan geçdi. Indi ol, gelýän hepde dolulygyna ses goýmak üçin, Wekiller öýüne iberilýär.

Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komiteti tarapyndan tassyklanan kanun proýekti Eýranyň şu ýylda çalasyn durmuşa geçirmek ugrunda işleýän taryhy ylalaşygynyň badyny gaçyryp, prezident Barak Obamanyň daşary syýasatda gazanan üstünliginiň ähmiýetini peselder öýdülýär.

Emma respublikanlar bu çäräniň diňe demokratik adminstrasiýanyň Eýrana görkezýän basyşyny gowşatmazlygy üçin görülýändigini aýdýarlar. Sebäbi adminstrasiýa Eýrana terrorçylyga goldawy ýa-da, ýadro meselesinde ylalaşandygyna garamazdan, ballistik raketa programmasyny dowam etdirýändigi üçin basyşyny gowşatmazlyga borçlandy.

Bu kanun taslamasy adminstrasiýanyň şahslary we maliýe guramalaryny, prezident olaryň Eýranyň ballistik raketa programmasyna ýa-da terrorçylyk işlerine dahylsyzlygy barada Kongrese kepillik berýänçä, Gazna departamentinde saklanylýan sanksiýalardan aýyrmagynyň öňüni alar.

Ak tam Tähranyň raketa meselsine garşy berk pozisiýa eýeledi we häzir Eýrana garşy, BMG-niň sanksiýalaryny bozup, ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply ballistik raketalary synag edýändigi üçin, täze sanksiýalaryň taslamasyny taýýarlaýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 7-nji ýanwarda adminstrasiýanyň Eýranyň raketa işlerine ýakyndan gözegçilik etjekdigini ýene bir gezek dile getirdi.

Emma demokratik opponentler respublikanlaryň «Eýranyň terror maliýe aýdyňlygy aktyny» geçirmeginiň sebäbini olaryň geçen ýyl baglaşylan ýadro ylalaşygyny bozmaga ýeterlik garşylyk toplap bilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.

"Bu hili kanun taslamalaryny taýýarlamagyň ylalaşygy puja çykarmak niýetinden başga hiç bir manysy ýok» diýip, Daşary gatnaşyklar komitetindäki ýokary derejeli demokrat, ABŞ-nyň Wekiller öýüniň agzasy Eliot Engel aýtdy.

"Men Eýran bilen ylalaşygy puja çykarmak üçin 62 ýa-da 63 gezek ses bermek islemeýärin» diýip, ol respublikan kongresmenleriň, Obamanyň saglygy saklaýyş kanunyna garşy duruşlary ýaly, eýran ylalaşygyny yzyna gaýtarmak üçin onlarça çäre görmek planlaryny nazara alyp aýtdy.

Engel geçen ýyl ýadro ylalaşygyna garşy çykan birnäçe demokratyň biridi, ol şonda özüniň Tährandaky hökümetiň sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň deregine ýadro programmasyndan el çekmek baradaky wadasynda durjagyna ynanmaýandygyny aýdypdy.

Emma Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy, Wekiller öýüniň agzasy Ed Royce Eýranyň ýadro ylalaşygyny berjaý etjegine ynanyp bolmajagyny görkezendigini, ýagny Tähranyň iýulda şertnama gol çekeli bäri ballistik raketa programmasyny çaltlandyrýandygyny, Siriýada barýan gyrgynçylga goldawyny güýçlendirendigini aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG