Sepleriň elýeterliligi

Rus topary zyýankeşlikde aýyplanýar


Ukrainada energiýany kesmekde orsýetli topar aýyplanýar

Ukrainada energiýany kesmekde orsýetli topar aýyplanýar

Birleşen Ştatlaryň kiber aňtaw kompaniýasy "iSight Partners" öten aý Ukrainada ozal görlüp-eşidilmedik derejede energiýanyň kesilmegine sebäp bolanyň "Sandworm" diýip tanalýan orsýetli haker toparydygyna özüniň şübhelenmeýändigini aýdýar.

"Biz muňa jogapkäriň ”Sandwormdygyna” ynanýarys" diýip, "iSight" kompaniýasynyň içalylyk boýunça analiz bölüminiň direktory Jon Hultkuist "Reuters" habar agentligine aýtdy.

"ISight" bilen beýleki kiber howpsuzlyk kompaniýalary bu işde ozaldan "Sandwormy" güman edipdiler. Merkezi Moskwada ýerleşýän bu haker topary strategik taýdan ors hökümeti bilen hyzmatdaş hasaplanýar.

Amerikanyň howpsuzlyk gulluklary Ukrainada energiýanyň kesilmeginde, şeýle hem Birleşen Ştatlar bilen Ýewropada bolan şular ýaly hüjümlerde Orsýeti güman edipdiler. Ýöne şu çaka çenli bu işi edeniň ady açyk aýdylmandy.

Içalylyk

Ukrainanyň döwlet howpsuzlyk gullugy hem 23-nji dekabrda günbatar Ukrainada 80 müň müşderiniň garaňkylykda galmagynda Orsýeti günäkärledi.

Hultkuistiň aýtmagyna görä, "iSight" agzalýan hüjümde ulanylan "BlackEnergy 3" we "KillDisk" atly zyýanly programmalary analizläp, bu işi eden "Sandworm" diýen netijä gelipdir.

Hultkuist "Sandworm" haker toparynyň gös-göni ors hökümetine işleýändigini belli däl diýýär.

"Bu döwletiň bähbidi bilen utgaşykly iş alyp barýan bir ors aktýory. Ol tabşyryk boýunça işlerýärmi ýa ýok, ony bilemzok" diýip, Hultkuist aýdýar.

"ISight" kiber aňtaw kompaniýasynyň bellemegine görä, "Sandworm", esasan, içalylyk bilen meşgullanýar. Ol "BlackEnergy" atly zyýanly programmany ulanmak bilen Birleşen Ştatlara garşy birnäçe hüjümi ýola goýdy.

Hüjümler

Bu hüjümler netijesinde Amerikada we Ýewropanyň garşysyna gönükdirilen şuňa meňzeş hüjümlerde energiýanyň kesilendigi ýa başga hili fiziki weýrançylyklaryň bolandygy barada berlen maglumat ýok. Käbir bilermenler hüjümçileriň bu derejede zyýan ýetirmek islemedik bolmaklary-da mümkin diýip çaklaýarlar.

"ISight" Ukrainadan daşarda edilen ozalky hüjümleriň synag üçin edilen bolmagy ähtimal diýýär.

""ISight" alnyp barlan işleriň Orsýetden gözbaş alandygyna we olaryň Birleşen Ştatlar bilen Ýewropanyň SCADA sistemalaryna garşy çozuşynyň hüjüm üçin maglumat edinmäge gönükdirilendigine ynanýar" diýip, “iSightyň” sözçüsi "Infosecurity" žurnalyna aýtdy.

Kiber aňtaw kompaniýasynyň bellemegine görä, "Sandworm" birnäçe wagt bäri Ukrainanyň resmilerine we ýurduň mediasyna garşy hüjümleri ýola goýup gelýär. Aýdylyşyna görä, Ukrainanyň mediasyna garşy amala aşyrylan weýrançylykly hüjümlerde "Sandworm" haker toparynyň zyýanly programmasy "BlackEnergy" ulanylypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG