Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýene kadr çalyşdy


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda Bekmyrat Şamyradowy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň pensiýalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatdy diýip, TDH habar berýär.

Şamyradowyň bu wezipelerden «işde goýberen kemçilikleri üçin» boşadylandygy aýdylýar.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow anna güni Saparmyrat Orazmyradowy, başga işe geçýänligi üçin, Türkmenistanyň senagat ministri wezipesinden, Muhammetnur Halylowy Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral serişdeleri ministri wezipesinden boşatdy.

Muhammet Joraýew bolsa, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin diýlip, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Biraz öň türkmen lideri etrap häkimleriniň ondan gowragyny işden boşadypdy.

XS
SM
MD
LG