Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran BMG-de saudlylary aýyplaýar


Mohammad Jawed Zarif
Mohammad Jawed Zarif

Eýran Saud Arabystanyny «mezhep ýigrenjini öjükdirmekde» aýyplady we patyşalyk Ýakyn Gündogarda ekstremizmi wagyz etmek bilen gowy gatnaşyklary berkitmegiň haýsam bolsa birini saýlap almaly diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Jawed Zarif BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-muna ýazan hatynda Tähranyň öz goňşularynyň arasynda dartgynlyklary möwjetmek isleginiň hem, bu ýagdaýdan görýän bähbidiniň hem ýokdugyny aýtdy.

Şeýle-de ol Saud Arabystanynyň «meseläniň düýbüne seretmegine» umyt bildirdi. Emma sudlylar, dünýä döwletleri bilen iýulda baglaşylan ýadro ylalaşygyny puja çykaryp bilmän, Eýran barada «heňe gelmeýän zatlary ýaýradýarlar» we şol bir wagtda «Eýrana garşy gönümel, bir topar ýykgynçylykly prowokasiýa baş goşýarlar» diýip, Zarif aýtdy.

Ol saudlylary yrakly zyýaratçylara nädogry daramakda aýyplady we bu ýagdaýyň Eýranda jemgyýetçilik gaharyny güýçlendirýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Riýady diňe Eýrana garşy däl, şaýy musulmanlarynyň ählisine garşy ýigrenç sözi bilen çykyş edýän ruhanylary wezipä bellemekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG