Sepleriň elýeterliligi

Mubarege çykan höküm saklandy


Mubarek türme möhletiniň köp bölegini harby hassahanada geçirdi.

Mubarek türme möhletiniň köp bölegini harby hassahanada geçirdi.

Müsüriň şikaýat sudy işden gyrakladylan prezident Hosni Mubarege we onuň iki ogluna korrupsiýa işi boýunça üç ýyl türme tussaglygynyň berilmegini tassyk etdi.

9-njy ýanwardaky karar Mubarege we onuň iki ogluna prezident köşklerine harçlamak üçin goýberilen serişdäniň ogurlanmagy bilen bagly çykarylan hökümleriň soňky nokadyny goýýar.

Bu üç adam 2015-nji ýylyň maýynda 16 million dollary ogurlamakda aýyplanyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Olar eýýäm, deslapky tussaghanada saklanan wagtlary bilen, öz türme möhletlerini tamamladylar. Mubaregiň iki ogly oktýabrda azatlyga goýberildi.

87 ýaşyndaky Mubarek türme möhletiniň köp bölegini, 2011-nji ýylda tussag edileli bäri, harby hassahanada geçirdi.

Sud 2014-nji ýylda Mubarege garşy, 2011-nji ýylda prezidenti agdaran protestler mahalynda öldürilen 239 adam barada bildirilen aýyplamany ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG