Sepleriň elýeterliligi

Pristina: Protestde çaknyşyk boldy


Kosowanyň paýtagty Pristinada oppozisiýa goldawçylarynyň hökümete garşy protest geçirýän wagtynda polisiýa bilen çaknyşyk boldy.

9-njy ýanwarda parahatçylyk bilen başlanan demonstrasiýanyň soňunda käbir oppozisiýa goldawçylary hökümet binalaryna tarap nebit bombasyny we daş zyňdy, ýangyn söndürijiler turan ýangyny tutaşmanka öçürdiler.

Polisiýa mähelläni dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Polisiýa bu gozgalaňda 14 töweregi adamyň, şol sanda 10 polisiýa ofiseriniň we iki žurnalistiň ejir çekendigini aýtdy. Şeýle-de, 24 protestçiniň tussag edilendigi aýdylýar.

Proteste birnäçe müň adam toplandy, olar premýer-ministr Isa Mustafanyň işden çekilmegini we irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG