Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Gabawdaky şähere kömek eltiler


Siriýaly çagalar howa hüjümlerinden soňky halas ediş çärelere syn edýärler, Douma şäheri, 10-njy ýanwar, 2016.

Siriýaly çagalar howa hüjümlerinden soňky halas ediş çärelere syn edýärler, Douma şäheri, 10-njy ýanwar, 2016.

Gabawdaky Madaya şäherine ynsanperwer kömegi alnyp barylar. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu şäheriň ýaşaýjylarynyň açlykdan heläk bolýandygyny aýdýarlar.

Gozgalaňçylaryň elindäki bu şähere 10-njy ýanwarda eltilmeli bu gyssagly azyk üpjünçiligi yza tesdirildi.

Siriýadaky “Halkara gyzyl haç” guramasy ynsanperwer kömeginiň Madaya şäherine, şeýle-de gozgalaňçylaryň gabawyndaky Foua we Kefraýa şäherlerine alnyp baryljakdygyny 11-nji ýanwarda habar berdi.

Siriýanyň Liwan bilen serhediniň golaýyndaky 40 müň ilatly Madaya şäheriniň ýaşaýjylarynyň aman galmak üçin oý haýwanlaryny we ot iýýändikleri aýdylýar.

“Serhetsiz lukmalar guramasy” (MSF) Madaya şäherine kömegiň yzygiderli bolmalydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG