Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabat: Parahatçylyk ugrunda gepleşik başlandy


Pakistanyň, Owganystanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň diplomatlary Owganystanyň hökümetiniň we “Talybanyň” arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikler boýunça plany düzmek üçin Yslamabatda gepleşiklere başladylar.

Pakistanyň paýtagtynda 11-nji ýanwarda başlanan gepleşiklere Owganystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hekmat Karzaý, Pakistanyň daşary işler sekretary Aizaz Çaudhry we ABŞ-nyň hem Hytaýyň ýokary derejeli resmileri gatnaşýarlar.

Gepleşiklere “Talyban” gatnaşmaýar.

Pakistanyň premýer-ministriniň daşary işler boýunça geňeşçisi Sartaj Aziz maslahaty açyp, onuň maksadynyň zorlugy bes etmekden we “Talybany” gepleşiklere ündemekden ybaratdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG