Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Eýrany ýazgardy


Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary duşuşygy, Kair, 10-njy ýanwar, 2016

Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary duşuşygy, Kair, 10-njy ýanwar, 2016

Arap Ligasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri Eýrany arap işlerine goşulyşmagy üçin ýazgardylar.

Arap Ligasynyň 10-njy ýanwarda Kairde geçirilen duşuşygynda ministrler şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň Saud Arabystanynyň Tährandaky diplomatik edarasyny goramakdan bilkastlaýyn çekilmek bilen halkara şertnamalaryny bozandygyny aýtdylar.

Köp sanly şaýy ilatly we şaýy söweşijileriniň Hizballah toparynyň ýerleşýän ýurdy Liwan tankytlara goşulmadyk ýeke-täk ýurt boldy.
Arap Ligasynyň beýannamasynda Eýrana garşy jeza beriji takyk çäre görkezilmedi.

Saud Arabystanynyň abraýly şaýy ruhanysyny jezalandyrmagynyň yzýany gahar-gazaply eýranly protestçileriň 2-nji ýanwarda saudi ilçihanasyna hüjüm etmeginiň yzýany Riýad Tähran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesipdi.

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif 10-njy ýanwarda eden çykyşynda Riýady Siriýa boýunça parahatçylykly gepleşikleri böwetlemek üçin gapma-garşylygy ulanmakda aýyplady.

Emma 10-njy ýanwarda Tährana sapar eden BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan Mistura Zarifiň dawanyň Siriýada parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça 25-nji ýanwara bellenen gepleşiklere zyýan ýetirmejegini aýdandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG