Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: ÝB-niň sanksiýalary 'absurd'


Orsýetiň prezidenti W.Putin (ortada) “Bild” gazetiniň žurnalistleri Kai Diekmann (s) Nikolaus Blome (ç) bilen söhbet edýär, Soçi, 5-nji ýanwar, 2016.
Orsýetiň prezidenti W.Putin (ortada) “Bild” gazetiniň žurnalistleri Kai Diekmann (s) Nikolaus Blome (ç) bilen söhbet edýär, Soçi, 5-nji ýanwar, 2016.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ýewropa Bileleşiginiň Moskwa garşy Ukrainadaky krizis bilen bagly girizen sanksiýalaryny “absurd” diýip atlandyrdy.

Germaniýanyň “Bild” gazetinde 11-nji ýanwarda çap edilen söhbetdeşliginde Putin “Ýewropa Bileleşiginiň şol sanksiýalar bilen edýänleri absurd teatryndan başga zat däldir” diýdi.

2014-nji ýylda Krymyň Ukrainadan bölünip, Orsýete goşulmagy boýunça geçirilen referendum “demokratik, adamlaryň islegine laýyk boldy”, diýip Putin belledi.

Şeýle-de Putin Moskwanyň gündogar Ukrainadaky rolunyň tankyt edilmegini agzap, Kiýewiň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky ylalaşygyň doly berjaý edilmeýändigini belledi.

Putin NATO-nyň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň zyýany Orsýetiň serhetlerine golaýlamagyny hem agzap, Gündogary halkara krizislerini güýçlendirmekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG