Sepleriň elýeterliligi

Owgan güýçleri demirgazyk etraby eýelediler


Tahar welaýatynyň Darkad etraby, 15-nji dekabr, 2015

Tahar welaýatynyň Darkad etraby, 15-nji dekabr, 2015

Owgan güýçleri ýurduň Täjigistan bilen serhetdeş demirgazyk etraplaryny iki aýdan soň “Talybanyň” elinden basyp aldylar.

Içeri işler ministrliginiň 10-njy ýanwarda ýaýradan beýannamasynda owgan goşunynyň, polisiýasynyň we ýörite güýçleriniň Tahar welaýatynyň Darkad etrabyny eýelemek boýunça 8-nji ýanwarda uly göwrümli harby çärä başlandyklary habar berildi.

Owgan güýçleri iki günläp dowam eden güýçli söweşlerden soň “Talybany” ýeňdiler, köp sanly söweşiji öldürildi, diýlip beýannamada bellenýär.
Iki günläp dowam eden söweşleriň netijesinde 20 çemesi söweşiji we bir owgan esgeri wepat boldy.

“Talybanyň” Darkady basyp almagy söweşijileriň zorluklarynyň Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalaryna ýaýramagy bilen bagly howatyrlanmalary güýçlendiripdi.

XS
SM
MD
LG