Sepleriň elýeterliligi

Owgan mekdebine hüjümde çagalar wepat boldy


Owganystanyň gündogarynda mekdebe minomýot zarbasynyň düşmegi zerarly azyndan üç çaga wepat boldy.

Owganystanyň Bilim ministrliginiň 11-nji ýanwarda çap eden beýannamasynda Host regionynda bolan hüjümiň sekiz okuwçyny ýaralandygy aýdyldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Pakistan bilen serhediň golaýynda ýerleşýän Host regionynda soňky aýlarda asudalyk saklanypdy, emma geçen ýylyň aprel we iýul aýlarynda janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran bolan bomba partlamalarynda onlarda adam wepat bolupdy.

Soňky hüjüm Owganystanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň resmileriniň Yslamabatda duşuşyk geçirip, 15 ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak boýunça parahatçylykly gepleşikleri başlamak meselesini maslahat edýän wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG