Sepleriň elýeterliligi

Nowhana gazymynyň nogsanlyklary


Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi daýhanbirleşiginiň ortasyndan geçýan ýaby – nowhanany gazmak işi indi 3-4 gün bäri yzy üzülmezden dowam etdirilýär. Ýerli ýaşaýjylaryň öz ekinlerini suwarmak üçin ulanýan bu ýabyndan suwuň gowy akmagy üçin, onuň gyrmança basan ýerleri ýörite hakyna tutulan agyr tehnika arkaly gazylyp giňeldilýär we çuňaldylýar.

Nowhana ýaby gazmak işleri ekinleri suwarmaly döwür göz öňünde tutulyp, irgözinden geçirilse-de, bu işiň talaba laýyk alnyp barylmaýandygy sebäpli, onuň töwerekdäki ilata ýetirýän oňaýsyz taraplary hem ýok däl.

Nowhananyň mellek ýerlerine ýakyn ýerleşýändigi sebäpli, ýapdan çykarylýan palçykdan depeler döreýär we töwerekdäki howlularyň haýatlary ýumrulýar. Ardylyp çykarylan läbik palçygyň ýabyň boýundaky ekin ýerlerine dökülýän gezekleri-de seýrek däl.

Läbik palçyk

Adatça, ýap gazýan ekskawator her ýyl nowhananyň bir gyrasyndan geçirilmeli we nowhanadan çykýan gum iki tarapa deňlenip, ýabyň gyrasyna endigan ýerleşdirilip, berkidilip gidilmeli. Emma häzirki gazym işleriniň netijesinde läbik palçyk ýabyň diňe bir gyrasyna üýşürilýär.

“Meniň öýüm nowhananyň gyrasynda ýerleşýär, emma indi ýyldan-ýyla ekskawatoryň gazym işleriniň geçirilmegi sebäpli, öýümiň töweregine gum üýşüp gidýär. Her gezek gazyjy traktor gelende, meniň mellegimiň haýatyny ýykyp gidýär, mellekdäki miweli baglaryma zyýan ýetirýär. Emma o tarapdan bolsa näme üçindir ekskawator eýýam 20 ýyldan bäri ýöredilmeýär” diýip, 40 ýaşlaryndaky pendili ildeşimiz Aman gürrüň berýär.

Gumuň ýabyň iki gyrasyna deň paýlanmaýanlygy obanyň käbir işgärlerini hem alada goýýar. Sebäbi pes tarapdan suwuň bol gelen halatlarynda kenary böwsüp, suw agyp gidýär we ençeme hojalyklaryň melleklerini suw almak bilen zyýan ýetirýär. Aýdylmagyna görä, öňki ýyllarda suwuň kenardan agmagy eýýäm ençeme gezek gaýtalanypdyr.

Ilatyň arzyna “gulak salynmaýar”

Pendili Agamammediň gürrüňine görä, ýerli ýaşaýjylaryň bu baradaky arzlaryna garamazadan, ilatyň arzyna hiç hili gulak salynmaýar, hatda gazym işleri geçirilýärkä şol ýerde bolup, işe gözegçilik etmeli jogapkär ýolbaşçy hem bu taýda görünmeýär.

Ýyllar boýy bir tarapdan ýöredilýän ekskawatoryň öz yzynda üýşürip gidýän gumy, her ýyl üsti ýetirilip, käbir ýaşaýjylaryň mellekleri daralýar we bu ýagdaý soňra ençeme dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Nowhana obany başdan-aýak kesip geçýär. Oba ilaty bu ýapdan öz melleklerini suwarýar, obany agyz suwy bilen üpjün edýänem şu ýap. Nowhananyň suwy bulanyk bolansoň, ol ýygy-ýygydan gazylyp durmasa, ony gyrmança basyp, gömülýar. Galyberse-de, onuň gyrasyndan has uzakdaky hojalyklar hem bu ýapdan çekilen joýalardan suw bilen üpjün edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG