Pakistanyň, Owganystanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň diplomatlary Owganystanyň hökümetiniň we “Talybanyň” arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikler boýunça plany düzmek üçin Yslamabatda gepleşiklere başladylar.
Pakistanyň paýtagtynda 11-nji ýanwarda başlanan gepleşiklere Owganystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hekmat Karzaý, Pakistanyň daşary işler sekretary Aizaz Çaudhry we ABŞ-nyň hem Hytaýyň ýokary derejeli resmileri gatnaşýarlar.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.