Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap ligasy Eýrany ýazgardy


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (sagda) we BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Mistura. 10-njy ýanwar, 2016 ý.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (sagda) we BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Mistura. 10-njy ýanwar, 2016 ý.

“Arap ligasyndaky” ýurtlaryň daşary işler ministrleri Eýran araplaryň işlerine gatyşýar diýip, bu ýurdy ýazgardylar.

”Arap ligasynyň” 10-njy ýanwarda Kairde geçen duşuşygynda ministrler, şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýrany Saud Arabystanynyň Tährandaky diplomatik wekilhanalaryny bilkastlaýyn goramazlyk bilen, halkara ylalaşyklaryny bozanlykda aýypladylar.

Bu aýyplama goşulmadyk ýeke-täk ýurt - ilatynyň uly bölegi şaýylardan durýan we "Hizbullah" atly şaýy militant toparynyň watany Liwan boldy.

”Arap ligasynyň” beýannamasynda Eýrana garşy girizildi diýip, anyk jeza çäreleri hakda gürrüň edilenok.

“Krizise oňaýsyz täsir”

Saud Arabystanynyň tanymal şaýy ruhanysyna ölüm jezasyny bermegi sebäpli eýranly protestçiler gahar-gazaba münüp, 2-nji ýanwarda bu ýurduň Tährandaky ilçihanasyny zabt edenlerinden soň Er-Riýad Tähran bilen bolan diplomatik gatnaşyklaryny kesdi.

10-njy ýanwarda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Er-Riýady aradaky dawa-jenjeli ulaldyp, Siriýada parahatçylyk gepleşiklerine zyýan ýetirmek isleýär diýip aýyplady.

Zarif bir beýanatynda: "Saud Arabystanynyň tutumy, dartgynlylyk döredip, Siriýadaky krizise oňaýsyz täsir etmek" diýdi.

Ýöne Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mustura, 10-njy ýanwarda Tährana eden saparyny aýaklanyndan soň, Zarifiň bu agzalalygyň 25-nji ýanwarda başlanjak parahatçylyk gepleşiklerine oňaýsyz täsir etmegine özüniň ýol bermejekdigini aýdandygyny bildirdi.

“Bu terroristik aktyň jogapkärçiligi”

9-njy ýanwarda ”Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine” degişli alty ýurduň daşary işler ministrleri Er-Riýadda duşuşyk geçirip, Saud Arabystany bilen ilatynyň aglaba köplügi şaýy bolan Eýranyň arasynda barha artýan dartgynlylyk hakda pikir alyşdylar. Zarif agzalýan beýanaty şondan bir gün soňra etdi.

Saud Arabystanynyň “Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşindäki” ýaranlary - Bahreýn, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar we Oman Eýran bilen barýan dawada Er-Riýada goldaw bildirip, Eýrany, Saud Arabystanynyň içerki işlerine gatyşýar diýip, ýazgardylar.

Ýaýradylan beýannamada alty ýurt şaýy ruhanysy Nimr al-Nimre ölüm jezasy berilmegine garşy Eýranda turan protestlerde Saud Arabystanynyň diplomatik missiýalarynyň zabt edilmegini "berk ýazgardylar".

Beýannamada "bu terroristik aktyň jogapkärçiligini çekýän" Tähran diýilýär.

Diplomatik gatnaşyklar

Saud Arabystany şeýle-de Eýrany terrorizmi goldamakda aýyplap, Patyşalygyň Tährana garşy täze çäreler hakda oýlanýandygyny aýtdy.

Eýranyň resmileri al-Nimriň jezalandyrylyp öldürilmegini berk tankytladylar. Eýranda muňa garşy turan protestlerde protestçiler Saudy Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasyna we konsullygyna gazaply hüjüm etdiler.

Saud Arabystany bilen birlikde Bahreýn hem Tähran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi. Kuweýt bilen Katar öz ilçilerini yzyna çagyrdylar, Birleşen Arap Emirlikleri hem Eýran bilen gatnaşyklaryny çäklendirdi.

Bu aralykda Tähran özüniň Er-Riýad bilen bolan söwda gatnaşyklaryny kesdi.

Eýran diplomatik krizisde Saud Arabystanyny jogapkär edip, Patyşalygy "mezhebara ýigrenji öjükdirmekde" aýyplaýar.

Zarif 8-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Moona iberen hatynda Er-Riýad ýa ekstremizmi ösdürmegi saýlap tutmaly ýa-da Orta Gündogarda oňat gatnaşyklary berkitmegi diýip ýazdy.

XS
SM
MD
LG