Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Madaýadaky krizisi maslahat etdi


BMG-niň resmisi Siriýanyň gabawdaky şäherinden 400 çemesi adamyň “gyssagly çykarylmalydygyny” aýtdy.

Şol adamlaryň “açlykdan ýa-da başga medisina sebäpleriň netijesinden” ölmegi mümkin, diýip BMG-niň Ynsanperwer meseleler boýunça ýolbaşçysy Stefen O’Brien 11-nji ýanwarda Howpsuzlyk Geňeşiniň Madaya şäherindäki krizis barada geçirilen maslahatynyň yzýany aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda 40 müň çemesi ilatly şähere azyk, däri-derman, ýorgan-düşek we sawun ýaly zerur serişdeler eltildi. Şäher iýul aýyndan bäri gabawda saklanýar.

Ynsanperwer kömegi Idlib regionynyň gozgalaňçy güýçleriň gabawynda saklanýan Foah we Kefraýa şäherlerine hem alnyp baryldy. Bu ýerde 20 müň adamyň mart aýyndan bäri gabawda saklanýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG