Sepleriň elýeterliligi

Owgan çagalarynyň 40% bilim almaýar


Owgan çagalary, Kabul, aprel, 2015.

Owgan çagalary, Kabul, aprel, 2015.

Owganystanda dörtden bir çaga konflikt zolagynda bilimsiz ulalýar, diýilp BMG-niň çagalar fondy (UNICEF) 12-nji ýanwarda mälim etdi.

Maglumat görä, dünýäniň 22 ýurdunda mekdep ýaşyndaky 24 million çaga urşuň täsirlerinden ejir çekýär.

Günorta Sudan mekdepden çetde galýan çagalaryň sany boýunça birinji ýerde galýar. Nigerde çagalaryň 51%, Nigerde 47%, Sudanda 41% we Owganystanda 40% mekdebe gatnamaýar.

“Çagalar mekdebe gatnamasa olaryň kemsitmelere, zor bilen işledilmegine we ýaragly toparlara çekilmegine sezewar bolmak howpy artýar, diýip UNICEF-iň bilim boýunça ýolbaşçysy Jo Bourne aýtdy.

Bilim iň az mukdarda maliýeleşdirilýän gumanitar ugurlaryň biri bolup durýar. 2014-nji ýylda bilime ynsanperwer kömeginiň diňe 2% berildi. BMG bu görkezijiniň konflikt zolaklarynda bilim üçin zerur bolan mukdardan 10 esse azdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG