Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet Assada başpena berip biler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Germaniýanyň "Bild" neşri bilen söhbetdeşliginde, Soçi, 5-nji ýanwar, 2016.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Germaniýanyň "Bild" neşri bilen söhbetdeşliginde, Soçi, 5-nji ýanwar, 2016.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad öz ýurduny terk eden ýagdaýynda Orsýet oňa başpena berip biler, diýip prezident Wladimir Putin 12-nji ýanwarda çap edilen interwýusynda aýtdy.

“Assadyň ýagdaýyna garanda ABŞ-nyň öňki howpsuzlyk wekili Edward Snowdene Orsýetde gaçybatalga bermek has kyn bolupdy”, diýip Putin Germaniýanyň “Bild’ neşrine beren interwýusynda ABŞ-nyň gizlin maglumatlarynyň üstüni açyp, 2013-nji ýylda Orsýetde gaçybatalga alan Snowdeni agzady.

Putin Orsýetiň Assada gaçybatalga bermegine Siriýadaky konflikte gatnaşýan taraplaryň arasynda geçen ýylda gelnen ylalaşygyň esasynda ýurduň täze hökümetini düzmek işiniň çäginde serediljegi barada gürrüň etmekden entek irdigini belledi.

Putin Assad Siriýadaky konflikt bilen baglylykda köp ýalňyşlyk goýberdi diýip hasap edýändigini aýtdy, emma sözüniň üstüni ýetirip, “Eger konflikt Siriýanyň daşyndan ýarag, pul we söweşijiler bilen tutaşdyrylmadyk bolsa hiç wagtda şeýle uly bolmazdy” diýdi.

XS
SM
MD
LG