Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet günbatar çäklerine gözegçiligi pugtalandyrar


Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu (s) we onuň orunbasary Nikolai Pankov (ç), Moskwa, 16-njy dekabr, 2015
Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu (s) we onuň orunbasary Nikolai Pankov (ç), Moskwa, 16-njy dekabr, 2015

Orsýet şu ýyl özüniň günbatar çäklerinde üç sany täze harby bölümi döretjekdigini we bäş sany strategik ýadro raketa sistemalaryny ýerleşdirjekdigini aýtdy.

Ýerli habar agentlikleriniň maglumatyna görä, bu barada 12-nji ýanwarda Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu aýdypdyr.

Şeýle-de Şoýgu Orsýetiň ýadro güýçlerini üpjün edýän infrastrukturany kämilleşdirmegiň zerurdygyny hem belläp, strategik raketaly harby gämileriň we uzak aralyga zarba urýan sistemalaryň ýerleşýän ýerlerini agzady.

Bu beýannama Orsýetiň 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmeginiň we Gündogar Ukrainadaky konfliktiň Moskwanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryny Sowuk Uruş döwründen bäri iň pes derejä ýetiren döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG