Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda adam pidaly partlama boldy


Halas edijiler partlamanyň pidalaryny äkidýärler, Stambulyň Sultanahmet etraby, 12-nji ýanwar, 2016
Halas edijiler partlamanyň pidalaryny äkidýärler, Stambulyň Sultanahmet etraby, 12-nji ýanwar, 2016

Stambulyň merkezinde bolan bomba partlamasy zerarly azyndan 10 adam wepat boldy.

Stambulyň şäher häkimligi 12-nji sentýabrda Sultanahmet meýdançasynda syýahatçylaryň köp barýan ýerinde bolan partlamada 15 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Partlamanyň yzýany polisiýa meýdançanyň daşyny gabady.

Ady agzalmadyk hökümet resmisine salgylanmak bilen habar berlişine görä, häkimiýetler partlama terrorçylykly hüjümiň sebäp bolmagyny çak edýärler.

Türkiýäniň iň uly şäherinde bolan bu bomba partlamasyndan öň geçen aýlarda ýurduň dürli böleklerinde adam pidaly hüjümleriň ençemesi bolupdy.

Oktýabr aýynda Ankarada janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasy zerarly 100-den gowrak adam wepat bolupdy. Derňewçiler hüjümi “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň amala aşyrandygyny aýdypdy.

Şeýle-de Türkiýe gadagan edilen Kürdüstanyň halk partiýasyna garşy göreşýär we onuň ýurduň günorta-gündogarynda howpsuzlyk güýçlerine garşy adam pidaly hüjümleri amala aşyrandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG