Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen kenarynda ýene bir azeri nebitçisiniň jesedi tapyldy


Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Güneşli” ýatagynda bolan ýangyn.
Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Güneşli” ýatagynda bolan ýangyn.

Hazar deňziniň türkmen kenarynyň golaýynda Azerbaýjanyň “Güneşli” nebit ýatagyndaky ýangynda ýitirim bolan ýene bir azeri nebitçisiniň jesedi tapyldy diýlip, metbugatda habar berilýär. Bu azeri nebitçileriniň Hazaryň türkmen kenarynda tapylan üçünji jesedidir.

12-nji ýanwarda “Interfax” habar agentliginiň Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy – SOCAR-a salgylanyp berýän maglumatyna görä, “bu barada eýýäm azeri tarapyna habar berlipdir we nebitçiniň jesedi-de gämi arkaly gury ýere çykarylypdyr”.

Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň işgärleri we “Azneft” önümçilik birleşiginiň spesialistleri jesediň şahsyýetini anyklamak we ony ýurda getirmek işleri bilen meşgullanýar diýlip, maglumatda bellenilýär.

Ozal iki azeri nebitçisiniň jesedi tapyldy

Ýatladyp geçsek, Hazar deňziniň türkmen kenarynda mundan öň hem dürli wagtlarda iki azeri nebitçisiniň jesedi tapylypdy. Olaryň biri şu ýylyň 3-nji ýanwarynda geçirilen gözleg-halas ediş işleri döwründe “Kursor” atly gämi tarapyndan tapyldy. Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi tapylan şol jesediň egin-eşiginde “Azneft” ýazgysynyň bardygyny habar beripdi.

2015-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndan 60 kilometr uzaklykda “Berkarar” atly gämi hem bir azeri nebitçisiniň jesedini tapdy. Şonda Türkmenistanyň “Baýan” gämisine habar berlip, erkek adamynyň jesedi Türkmenbaşy portuna eltildi, ýanyndaky pasportyň esasynda onuň Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň işgäri Iman Gasymowdygy anyklandy.

Azeri ministrligi uçar ugratdy

Bu wakalardan soň, 4-nji ýanwarda Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi Hazar deňziniň türkmen kenarynda tapylan azeri nebitçileriniň jesetlerini Bakuwa alyp gitmek üçin Türkmenistana uçar ugradypdy.

Hazar deňzinde azeri nebitçileriniň ölümine getiren - Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Güneşli” ýatagynyň 10-njy platformasyndaky gazgeçiriji turbanyň sandan çykmagy sebäpli 2015-nji ýylyň 4-nji dekabrynda güýçli ýangyny[ dörändigi habar berlipdi.

Şol wakanyň bolan mahaly howa şertleriniň ýaramaz bolmagy halas ediş işlerini agyrlaşdyrdy. Azerbaýjanyň halas ediş gullugy agzalýan ýangyndan soň 33 adamynyň halas edilendigini, dokuz adamynyň jesediniň tapylandygyny we olaryň sekiz sanysynyň şahsyýetiniň anyklanandygyny, ýene 21 adamynyň-da gözlenýändigini habar beripdi.

Bu heläkçilikden soň, ýagny geçen ýylyň 5-nji dekabrynda Azerbaýjanyň premýer-ministri Artur Rasi-zadeniň ýolbaşçylygynda döwlet komissiýasy döredilip, onuň öňünde halas ediş işlerini alyp barmak we dereksiz ýitenleri gözlemek işlerini tizleşdirmek, şeýle-de hadysanyň sebäplerini anyklamak we onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça işleri geçirmek wezipesiniň goýulandygy habar berlipdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Hazar deňziniň türkmen kenarynda tapylan azeri nebitçileriniň jesetleri barada türkmen metbugatynda habar berilmeýär.

XS
SM
MD
LG