Sepleriň elýeterliligi

"YD-niň” söweşijisi öz ejesini öldüripdir


Sosial mediada Ali Sakrdygy aýdylýan adamyň peýda bolan suraty.

Sosial mediada Ali Sakrdygy aýdylýan adamyň peýda bolan suraty.

Siriýanyň oppozisiýasynyň beren maglumatyna görä, "YD" atly ýaragly jeňçiler toparynyň bir söweşijisi öz ejesini halkyň gözüniň öňünde atyp öldüripdir.

Siriýanyň oppozisiýa toparlarynyň tassyklamagyna görä, "YD" toparyna goşulan wagşy topalaňlaryň biriniň agzasy bolan bir söweşiji öz ejesini halkyň öňüne çykaryp, oňa ölüm jezasyny beripdir.

"The Washington Post" gazetiniň ýazmagyna görä, bu ýagdaý hatda "YD" guramasynyň öz kada-kanunlaryndan çen tutanyňda-da, gaty seýrek duş gelýän wakadyr.

Hadysa Siriýanyň Rakka şäherinde bolup geçipdir. Rakka şäheri "YD" guramasynyň ykrar edilmedik paýtagty hasaplanýar.

Siriýada adam hukuklaryny goramak toparynyň habaryna görä, geçen anna güni 21 ýaşyndaky Ali Sakr öz 45 ýaşyndaky ejesi Lena Al-Kasemini çykarylan ölüm jezasyna laýyklykda ýeňsesinden atyp öldüripdir.

Britaniýada ýerleşen Siriýanyň oppozision guramasynyň maglumatyna görä, agzalýan waka hut ejesi bilen oglunyň arasyndaky dawa sebäpli ýüze çykypdyr.

Ejesi öz oglunyň "YD" guramasynyň hatarynda söweşmeginden närazy ekeni.

Surira atly maslahatçy topardan Rami Abdulrahmanyň aýtmagyna görä, ejesi ogluna, "YD" ýaragly topardan çykyp, Siriýanyň başga bir ýerine ýa-da Türkiýä gitmegi maslahat beripdir.

Ondan soň onuň ogly ejesiniň aýdanlaryny "YD-niň” ýolbaşçylaryna ýetiripdir we derrew onuň ejesini tussag edipdirler. Bolan wakanyň wideo surata düşürilip-düşürilmändigi entek mälim däl.

Ejesi şaýy-alewit ekeni

Rakkadaky "YD-niň" jeňçilerine garşy hereket edýän "Rakka halky gyrylýar" atly topardan Mohammed Al-Saleh ejesiniň näme sebäpli tussag edilendiginiň nämälimdigini bildiripdir. Salehiň aýtmagyna görä, ol zenanyň "dinsizlikde" aýyplanmagy şaýy mezhebiniň bir şahamçasy bolan alewitlige uýýandygy bilen baglanşykly bolup biler.

Siriýanyň hökümetinde we goşunynda ýokary wezipeleri şaýy mezhebinden bolan alewitler eýeleýärler. Ekstremistik sünni toparlar bolsa şaýy mezhebiniň bir şahamçasy bolan alewitligi kapyrlyk hasaplaýarlar.

Käbir maglumatlara görä, aýalyň şu wagta çenli tussag edilmändiginiň sebäbi, onuň adamsynyň sünni mezhebine uýýandygy bolup biler.

Şeýle-de, aýdylşyna görä, ady Ali Sakr diýip mälim edilen "YD-niň” söweşijisi bolan ol ýaş ýigit öňler alkagolly içgileri gaty halaýandygy bilen at gazanan ekeni. Ýöne şäher "YD" toparynyň eline geçen badyna, ol hem derrew olaryň hataryna goşulypdyr.

Siriýada adam hukuklaryny goramak toparyndan Abdulrahmanyň aýtmagyna görä, özüni "YD" diýip atlandyrýan gurama 2014-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Siriýada 3707 adama ölüm jezasyny beripdir. Olardan 2001 sanysy resmi işgär, 106 sanysy aýal-gyzlar we 77 sanysy hem çagalardyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG