Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Orsýetiň üç raýaty tussag edildi


Türkiýede “Yslam döwleti” atly topar bilen ilteşigi bolmakda güman edilýän orsýetli üç raýatyň tussag edilendigi habar berilýär.

Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän Antalýa şäheriniň polisiýasy şübhelileriň ýaşaýan jaýynda geçirilen gözleg işleri döwründe resminamalary we CD, ýagny kompakt diskleri ele saldy diýlip, “Dogan” habar agentliginiň 13-nji ýanwarda beren maglumatynda bellenilýär.

Maglumatda gürrüňi edilýän şübhelileriň konflikt zonasyndaky “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri bilen aragatnaşyga geçendigi we topara tehniki goldawy berendigi aýdylýar.

Orsýetiň Antalýadaky baş konsuly üç rus raýatynyň tussag edilendigini tassyklap, bu çäräniň sebäpleriniň anyklaşdyrylýandygyny aýtdy.

Türkiýedäki bu tussag edilmeler, “Yslam döwleti” atly toparyň agzasy diýlip güman edilýän bir adamyň Stambulyň taryhy Sultanahmet etrabynda öz-özüni partlatmagy netijesinde aglabasy germaniýalylardan ybarat 10 sany daşary ýurtly wepat bolandan bir gün soň amala aşyryldy. Bu wakada başga-da 15 adam ýaralandy.

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Orsýetiň Daşary işler ministrligi 2700-den gowrak orsýetliniň “Yslam döwleti” atly toparyň hatarynda söweşmek üçin Siriýa gidendigini mälim edipdi. Olaryň 160 sanysy öldürildi, 73 sanysy Orsýete dolandy we sud edilýär, şeýle-de 36 sanysy tussag edildi.

XS
SM
MD
LG