Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň wizany ýatyrmagy nähili täsir eder?


Aşgabadyň Halkara aeroportundan çykýan ýolagçylar.

Aşgabadyň Halkara aeroportundan çykýan ýolagçylar.

Metbugatda, türk resmileri bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda bosgun problemasynyň çözülmegi bilen baglanyşykly gelnen ylalaşyga laýyklykda, türk raýatlarynyň “Shengen” sebitine wizasyz gidip bilmegi üçin Türkiýäniň şu ýylyň iýun aýynda 89 ýurt bilen bolan wiza şertnamasyny ýatyrmaga taýýarlanýandygy habar berildi.

Wiza ylalaşygynyň goýbolsun ediljek ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan hem bar.

Bilnişi ýaly Türkiýe türkmenistanly migrantlaryň iň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny çekýär. Ykdysady-söwda gatnaşyklarynda hem iki ýurduň arasynda üznüksiz gündelik gatnawlar bar.

Eýse, häzirki wiza ylalaşygynyň goýbolsun edilmegi owal başda Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň we söwdagärleriň durmuşyna nähili täsir ýetirer? Olar Türkiýede wiza düzgüniniň üýtgemeginden soň näme garaşýarlar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýäniň wiza düzgünini üýtgetmeginiň Türkmenistanyň raýatlaryna ýetirjek täsirine gönükdirýär.

Bu tema baradaky gepleşigimize öz goşandyny goşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biler.

Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG