Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran amerikan deňizçilerini boşatdy


Eýran ýurduň territorial suwalaryna giren we gysga wagtlaýyn tussaglykda saklanan 10 amerikan deňizçisini goýberdi.

Birleşen Ştatlaryň Deňiz güýçleri özüniň 13-nji ýanwarda beren maglumatynda gürrüňi edilýän amerikan deňizçileriniň goýberilendigini we “olara zyýan ýetendigini görkezýän hiç hili alamatlaryň ýokdugyny” aýtdy.

“[Birleşen Ştatlar] ötünç sorandan soň, [amerikan] deňizçileri Pars aýlagyndaky halkara suwlaryna goýberildiler” diýip, Eýranyň Yslam Rewolýusion Gwardiýasy telewideniýede görkezilen beýanatynda mälim etdi.

Mundan öň, agzalýan Gwardiýanyň deňiz güýçleriniň komandiri kontr-admiral Ali Fadawi çykyş edip, 12-nji ýanwarda iki amerikan gämisiniň we onuň 10 işgäriniň gämidäki tehniki problemalar sebäpli Eýranyň territorial suwlaryna aralaşandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG