Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümde 15 adam öldi


Pakistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kwetta şäherindäki poliomielite garşy waksina sanjymlaryny edýän merkeziň daşynda bolan partlamada azyndan 15 adam öldi. Bu partlamany janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyrandygy aýdylýar.

13-nji ýanwarda edilen hüjüm Pakistanyň Balojistan welaýatynda polisiýa ofiserleri poliomielite garşy waksina sanjymlaryny amala aşyrýan saglyk işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýygnanan mahaly boldy.

Resmiler wakada ölenleriň agalabasynyň polisiýa işgärleridigini aýdyp, başga-da 20 çemesi adamyň ýaralanandygyny bellediler.

“Pakistanyň Talyban” hereketiniň şahamçasy “Jundullah” atly topar hüjümi öz toparynyň amala aşyrandygyny öňe sürdi. Ýakynda bu topar özüniň “Yslam döwleti” atly topara ygrarlydygyny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG