Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Ýadro howpsuzlygy sammitine gatnaşmaz


Orsýet özüniň Ýadro howpsuzlygy boýunça 2016-njy ýylda Waşingtonda geçiriljek sammite gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa 13-nji ýanwarda çykyş edip, dünýäde ýadro terrorçylygynyň öňüni almagy maskat edinýän Ýadro howpsuzlygy sammitiniň “öz roluny ýerine ýetirendigini” we onuň gün tertibiniň ysgyndan gaçan ýagdaýdadygyny aýtdy.

Halkara Atom energiýa agentligi (HAEA) “global ýadro howpsuzlygy boýunça dünýä ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmakda” merkezi güýç bolmaly diýip, Zaharowa belledi.

Nobatdaky Ýadro howpsuzlygy sammitiniň şu ýylyň 31-nji marty bilen 1-nji apreli aralygynda Birleşen Ştatlaryň paýtagty Waşingtonda geçirilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG