Sepleriň elýeterliligi

Eýran tussag edilen amerikan deňizçilerini goýberdi


Amerikan deňizçileri.

Amerikan deňizçileri.

Eýran 10 amerikan deňizçisini, olaryň ýurduň diňiz giňişligine bilgeşleýin girmändigi barlag üsti bilen anyklanansoň, goýberendigini bildirdi.

"Tutulan amerikan deňizçileriniň Eýranyň territorial suwlaryna bilgeşleýin girmändigi anyklanyp, ötünç soralandan soň, deňizçiler Pars aýlagda halkara deňiz giňişligine goýberildiler" diýip, Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary "Pasdaran" Eýranyň döwlet telekanalyna aýtdy.

Ozal talap edildi diýlip, habar berlişi ýaly, Waşingtonyň bu babatda Eýrandan ötünç soranlygy entek tassyklananok.

12-nji ýanwarda, Pars aýlagynda Eýranyň deňiz giňişligine girenligi sebäpli, Amerikanyň deňiz güýçleriniň iki gaýygy üstündäki on adamdan ybarat - dokuz erkek, bir aýal - ekipažy bilen birlikde tutuldy.

Birleşen Ştatlaryň resmileri türgenleşik missiýasyndaky gaýyklaryň biriniň ýa ikisiniň-de tehniki kynçylyga uçrap, Fars adasyna tarap barandygyny aýtdylar. Pars aýlagynda takmynan Eýran bilen Saud Arabystanynyň aralygynda ýerleşýän bu kiçijik adada Eýranyň ”Rewolýusiýa sakçylarynyň” deňiz bazasy bar.

Birleşen Ştatlaryň deňizçileriniň boşadylandygy yglan edileninden soň Eýranyň döwlet telekanaly olaryň bir otagda eýran halysynyň üstünde oturan suratyny görkezdi.

13-nji ýanwarda ”Rewolýusiýa sakçylarynyň” deňiz güýçleriniň komandiri kontr-admiral Ali Fadawi özüniň deňizçileri boşatmak baradaky iň soňky buýruga garaşýandygyny aýdypdy. Gaýyklar bilen olaryň ekipažy hem şondan az salym soň goýberildi.

Fadawi telewideniýede eden çykyşynda bu hadysa "professional bolmadyk ýagdaýyň" sebäp bolandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri ýagdaý barada pikir alyşmak üçin 12-nji ýanwarda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarife jaň edipdir.

"Jenap Zarif berk durup, Jenap Kerrä bu biziň territorial deňiz giňişligimiz, siz ötünç soramaly diýipdir" diýip, Fadawi aýtdy.

Kerri 12-nji ýanwarda deňizçiler "basym" goýberilmeli diýdi.

Fadawi Amerika jaň edip ötünç sorady diýse-de, has barlyşykly äheňde gürläp, Eýran "serhediň bozulmagy duşmançylykly ýa içalyçylykly maksat bilen" bolmandyr diýen netijä geldi diýdi.

Ol deňizçiler Eýranyň territoriýasyna "bir nawigasiýa sistemasynyň, ýagny ýol görkeziji tilsimadyň bozulmagy" netijesinde giripdirler” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

13-nji ýanwarda ir bilen Eýranyň ”Rewolýusiýa sakçylarynyň” sözçüsi Birleşen Ştatlaryň deňizçileri Fars adasynda soraga çekilýärler diýipdi. Ýöne bu entek tassyklananok.

Bu aralykda Eýranyň goşun başlygy 13-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň iki gaýygynyň tutulmagy amerikan kongresinde Eýranyň garşysyna täze sanksiýalary girizmäge synanyşýanlara sapak bolsun diýdi.

"Tasmin" habar agentligi general Hasan Firouzabada salgylanyp: "Pars aýlagynda amerikan güýçleriniň regionda goýberen iň soňky ýalňyşlygy bolmazlygy ähtimal bu hadysa Birleşen Ştatlaryň kongresinde goh turuzýanlara sapak bolsun" diýip ýazdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG