Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýa 6 sagatlyk iş gününe geçýär


Ene we gyz.
Ene we gyz.

Bu ýurtda şu esasda halky bagtyýar etmek göz öňünde tutulýar.

Şwesiýa 6 sagatlyk iş düzgünine geçmäge taýýarlanýar. Bütin ýurtda garrylar öýleridir keselhanalar bilen bilelikde ähli iş ýerleri 6 sagatlyk iş gününe geçmäge taýýarlyk görüp başlaýar.

Şu esasda işde öndürijiligi ýokarlandyrmak we adamlary hem hoşwagt etmek göz öňünde tutulýar. Netijede 8 sagatlyk iş güni 2 sagat gysgalar.

"Science Alert" atly internet sahypasynyň maglumatyna görä, ýolbaşçylar gysgaldylan iş wagtynyň dowamynda işgärleriň hasam hyjuwly işläp, galan wagtda bolsa şahsy durmuşdan owalkysyndan hem köp lezzet almagy üçin iş wagtynyň kadasyna üýtgeşiklik girizmäge başladylar.

Şwesiýanyň ikinji uly şäheri bolan Göteborgda ”Toýota” firmasynyň merkezleri mundan 13 ýyl owal 6 sagatlyk iş gününe geçipdiler. Firmanyň merkezi hasabatynda aýdylyşyna görä, şeýle üýtgeşikligiň netijesinde firmanyň işgärleri has hoşwagt bolup, kärhananyň gazanýan girdejisini has hem ýokarlandyrypdyrlar.

Paýtagt Stokholmda goşmaça mobil programmalary taýýarlaýan ”Filimundus” firmasynyň merkezleri bolsa geçen ýyl 6 sagatlyk iş gününe geçdiler.

Sosial media seretmäge rugsat berilmeýär

"8 sagatlyk iş güni çak edilişi ýaly öndürjilikli däl" diýip, ”Fast Company” firmasynyň baş müdiri Linus Feldt nygtaýar. Ol soň sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär: "8 sagatlyk iş gününde bar ünsüňi anyk bir meselä gönükdirmek ullakan problema. Şeýle kynçylygyň hötdesinden gelip bilmek üçin birgiden goşmaça çärelere baş goşmaly bolduk. Edilýän işde ünsi hasam güýçlendirmek üçin ýörite gyzykly arakesmeler berdik. Ýöne şonda-da işden galan wagtda şahsy durmuşy isleýşimiz ýaly ugrukdyrmak aladasy bilen ynjalyksyzlanmagy dowam etdik".

Jenap Feldt 6 sagatlyk iş wagty kadasy hakda bolsa şeýle diýýär: "Täze kada boýunça işgärlere ofisde sosial media seretmäge rugsat berilmeýär. Ýagny, işgärleriň ünsüni böljek täsirler azaldylýar we olary işden sowatjak päsgelçilikler boldugyndan çäklendirilýär. Şeýlelikde olary işde has öndürijilikli işlär ýaly ýagdaýa getirmäge synanyşylýar".

Has hyjuwly bolmak

Baş direktoryň sözlerine görä, täze iş wagt düzgüni adamlaryň işden çykan mahaly has hyjuwly bolmagyna, şeýle-de şahsy durmuşyna hem has köp wagt aýyrmagyna kömek eder. Muny 8 sagatlyk iş wagty bolan mahaly başarmak gaty kyn bolýar.

"Science Alert" atly internet sahypasynyň ýazmagyna görä, ýurtdaky käbir keselhanalarda lukmanlar we şepagat uýalary eýýäm 6 sagatlyk iş gününe geçipdirler.

Göteborgdaky garrylar öýi bolsa, şu ýylyň başyndan bäri synag üçin 6 sagatlyk iş gününe geçdi. Synag ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Garrylar öýüniň ýolbaşçylary bolsa, iş wagtynyň gysgalmagynyň öwezini dolmak üçin, täze işgärleri işä kabul etmegiň çykdajysyny hasaplaýarlar. Şonuň ýaly-da hyzmat edilýän garrylaryň hoşallygy hem işgärleriň ruhy ýagdaýyndaky özgerişlikler babatynda-da degişli barlaglar geçirilýär.

XS
SM
MD
LG