Sepleriň elýeterliligi

Baku: Hususy pul çalyşygy ýatyryldy


Pul çalyşyk nokady, 12-nji ýanwar, 2016

Pul çalyşyk nokady, 12-nji ýanwar, 2016

Azerbaýjanyň häkimiýetleri ýurtda walýuta çalyşygyny amala aşyrýan hususy kärhanalaryň lisenziýa rugsatnamalaryny elinden aldylar.

Merkezi bankyň resmileriniň 14-nji ýanwarda yglan etmeklerine görä, walýuta çalyşygyny amala aşyrmak üçin diňe banklara we olaryň bölümlerine rugsat berildi.

Bu çäre Azerbaýjanyň milli walýutasynyň pese gaçmagyny dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.

Kawkaz respublikasynyň Merkezi banky geçen aýda milli puluň hümmetine gözegçiligi ýatyrmagyndan soň manat öz hümmetiniň 40% ýitirdi.

XS
SM
MD
LG