Sepleriň elýeterliligi

Dyarbakirde polisiýa hüjüm edildi


Bombaly hüjüme sezewar bolan polisiýa bölümi, Diyarbakir, 14-nji ýanwar, 2016

Bombaly hüjüme sezewar bolan polisiýa bölümi, Diyarbakir, 14-nji ýanwar, 2016

Awtoulagda goýlan bomba partlamasy Türkiýäniň günorta-gündogarynda polisiýa bölümine zarba urdy. Azyndan 39 adam wepat boldy ýa ýaralandy.

Resmiler bomba partlamasynyň Diyarbakir welaýatynyň Çinar şäherinde 13-nji ýanwarda agşam polisiýa bölüminiň girelgesinde bolandygyny aýdýarlar.

Iki adam partlamadan wepat boldy, ýene dördüsi partlamanyň netijesinde binanyň ýumrulmagy zerarly heläk boldy.

Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Emma resmileriň hüjümde Kürdüstanyň Halk Partiýasyny (PKK) aýypladylar.

Diyarbakir welaýaty PKK separatistleriniň we Türkiýäniň harbylarynyň arasynda ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşyk iýula aýynda ýatyrylansoň zorluga sezewar boldy.

XS
SM
MD
LG